Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen Lideri Nikaraguanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

10:4223.08.2021
0
4417

Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Hose Daniel Ortega Saawedra we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlagda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygy hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigi, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanypp, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýä döwletleriniň 151-si bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan bilen Nikaragua Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bolsa 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň