Gurban Berdiýewiň «Kaýratyň» baş tälimçisi bolmagy ahmal

22:5122.08.2021
0
1195

«Rubin» we «Rostow» futbol klublarynyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň Gazagystanyň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi bellenmegine garaşylýar diýip, matchtv.ru habar berýär.

Onuň kömekçisi wezipesine «Rostowda» bile işlän Dmitriý Kiriçenko belleniler. D.Kiriçenko eýýäm Almaty şäherine geldi. Häzirki wagta çenli türkmen tälimçisi klubuň göze­gçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezi­pesini ýerine ýetirýärdi.

Belläp geçsek, Berdiýew 1991-1993 hem-de 1994-1995-nji ýyllarda eýýäm «Kaýrat» klubuna tälimçilik edipdi.

«Kaýrat» häzirki möwsümde ýaryş jedwelinde 3-nji orny eýeleýär, şeýle hem ol Konferensiýa ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykmaga ýakyn.

Klubuň baş tälimçiniň adyny şu gün, 22-nji awgustda yglan etmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň