Soňky habarlar

Arhiw

«Ferrari» geljek üçin howa gözegçiligini meýilleşdirer

16:2622.08.2021
0
3639
«Ferrari» geljek üçin howa gözegçiligini meýilleşdirer

Italiýanyň «Ferrari» awtoulag kompaniýasy kabinadaky adamlaryň her biri üçin haýsy iş režiminiň amatly boljakdygyny kesgitleýän, howanyň derejesine gözegçilik ulgamyny patentledi.

Patent resminamasyna laýyklykda täze ulgam sürüjiniň we ýolagçylaryň beden temperaturasyny takyk kesgitläp biljek termiki şekillendiriş kameralaryny ulanar. Mundan başga-da, kameralar ulagdakylaryň jynsyny, bedeniniň ululygyny we geýýän zatlaryny tapawutlandyryp biler.

Mag.auto.ru neşiriniň habaryna görä, patent resminamasynda iki hatar oturgyçly üç jiltli jisim şekillendirilýär. Ýöne «Ferrari»-niň beýle modeliniň ýoklugy sebäpli, täze tehnologiýanyň ýakyn wagtda «Purosangue» krossowerinde ulanmak üçin meýilleşdirilen bolmagy ähtimal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň