«Blue Origin» tejribeli hünärmenlerini ýitirdi

15:3522.08.2021
0
4301

«Blue Origin» aerokosmos kompaniýasy ýerine ýetiriji ýolbaşçylaryň nägileligini we dolandyryşyň ýalňyşdygyny belläp, 10-dan gowrak ýokary derejeli ýolbaşçysyny we hünärmenini işden çykardy. Kompaniýanyň özi 2021-nji ýylda işgärleriniň 650 adam köpelendigini habar berse-de, olar tomusda azaldy. Hususan-da, pensiýa çykan inženerleriň käbiri kompaniýa üçin diýseň ähmiýetlidi.

«3dnews.ru»-nyň habaryna görä, kompaniýanyň işgärleriniň 85 göterimi baş direktor Bob Smitden nägile. NASA bilen uzaga çeken çaknyşyk we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde yzygiderli yza çekilmek hem işgärleriň işden çykarylmagyna sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň