Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatyndaky känden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy

12:4822.08.2021
0
13284

Uglewodorod çig malyna baý bolan Balkan welaýatynyň känlerinde nebit işlerini alyp barýan «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýokary görkezijileri gazanýarlar. Bu barada "Nebit-gaz" gazeti habar berýär.

Şu ýylyň ýedi aýynda müdirligiň hünärmenleri öňdebaryjy enjamlary ulanmak arkaly ýerastyndan 82 müň 62 tonna «gara altyn» çykardylar.

Geçen döwürde önümçiligiň ösüş depginini artdyryp, nebitçilar häzirki wagtda zähmet görkezijilerini ýokarlandyrýarlar. Bu bolsa ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgat bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň