Maryda täze binalaryň düýbüni tutmak we olaryň birnäçesini açmak dabaralary geçiriler

23:5120.08.2021
0
6408

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Mary şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Bu medeni toplumyň tomaşaçylar zalynda welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti geçiriler. Mary şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy we Baýramaly şäherinde haly önümhanasy ulanylmaga berler.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binany gurmak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutany Karara gol çekip hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek hem-de degişli ugurda geçirilýän işlere gözegçilik etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň