ABŞ-ly düzgünleşdiriji kompaniýa «Facebook»-a garşy täze kazyýet işini açdy

13:4321.08.2021
0
4151

ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşi (FTC) ýene-de Facebook-a garşy kazyýet işini açdy. Düzgünleşdiriji kompaniýanyň mundan öň hem şuňa meňzeş talap arzasyny berendigini we kompaniýanyň «Instagram» we «WhatsApp» gurluşlaryny satyn almak üçin eden amallaryny ýatyrmagyny talap edendigini ýatladýarys, ýöne iýun aýynda kazyýet ýeterlik delilleriň berilmeýändigini göz öňünde tutup, işi ret etdi.

FTC täze şikaýatda «Facebook»-yň sosial media bazarynda bikanun agdyklyk edýändigini görkezýän goşmaça maglumatlaryň we subutnamalaryň bardygyny aýtdy. «Facebook» eýýäm bu beýannama jogap berip, platformanyň syýasatynyň kanunydygyny, «Instagram»-yň we «WhatsApp»-yň satyn alynmagynyň mundan birnäçe ýyl ozal tassyklanandygyny öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň