Soňky habarlar

Arhiw

Marydaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk bina gurlar

23:3520.08.2021
0
7354

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Desganyň gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlanyp, ol 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň