Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda edilýän medeni hyzmatlar döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär

23:3020.08.2021
0
31337

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Bu resminama degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda we “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Milletiň Lideri bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy hem-de halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň kämilleşdirilmelidigine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda olaryň görnüşleriniň giňeldilmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň