Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

17:1620.08.2021
0
3856

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu žurnal türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň ylmy-barlaglarynyň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Özüniň şygryýet mirasy bilen geçmişi şu güne birleşdirýän Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärliginiň suraty žurnalyň daşky sahabyny bezeýär. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary bar.

Däp bolan “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde Saud Arabystany Patyşalygynyň ylmy gatnaşyklar we gözlegler merkeziniň ýolbaşçysy Ýahýa Mahmyt bin Juneýidiň “Aşgabat — dostlugyň we parahatçylygyň şäheri” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory öz işinde türkmen paýtagtynyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň biridigini, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň milli binagärlik däpleriniň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütler bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belleýär.

“Gaýry mähriban ýurt bolmaz” atly makalada Gündogaryň beýik akyldary we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň ata Watanyna, öz halkyna bolan çäksiz söýgüsini beýan edýän eserleriniň üsti bilen şahyryň durmuş we döredijilik ýoly seljerilýär.

“Soltan Sanjar bilen Horezmşa Atsyzyň gatnaşyklary” diýlen makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Onda iki taryhy şahsyň gatnaşyklarynyň mysalynda köpasyrlyk diplomatiýa sungatynyň kemala gelmeginiň käbir möhüm ugurlary barada gürrüň berilýär.

“Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy — milli gymmatlyklarymyz” atly makalada bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde bellenilmeginiň, merdana ata-babalarymyzyň dünýä mirasyna peşgeş beren gymmatlyklarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümiň ilkinji makalasy Temirleň ady bilen tanalýan Emir Temiriň hem-de Mahmyt Şabesteriniň gatnaşyklarynyň mysalynda alymlara we şahyrlara goýulýan hormat, olaryň ylmy we edebiýaty ösdürmäge goşan goşantlary baradadyr. Şeýle hem awtor öz makalasynda gürrüňi edilýän döwürlerde Gündogarda sungatyň dürli ugurlarynyň gülläp ösüp, adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda yz galdyran täze pelsepeçileriň we ýazyjylaryň kemala gelendigini belleýär.

Beýleki bir makalada Türkmenistanda haly sungatynyň taryhy kökleri, şol sanda Daglyk Altaýdan tapylan, miladydan öňki V asyra degişli Pazyryk halysy barada gürrüň berilýär. Makalada öňe sürülýän pikirler geçen döwürleriň we häzirki döwrüň alymlarynyň ylmy barlaglaryna salgylanýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Türki halklaryň başgaplary baradaky makalada türkmen tahýasynyň dürli başgaplar bilen meňzeşligi barada aýdylýar, gyzykly taryhy mysallar getirilýär. Häzirki döwürde hem türkmen tahýasy milli lybasyň aýrylmaz bölegidir.

Şeýle hem žurnalda ýurdumyzda şu ýylyň ikinji çärýeginde geçirilen jemgyýetçilik, ylmy we medeni çärelere syn berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň