Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» iş merkezinde fotosurat boýunça ussatlyk sapagy geçirilýär

13:0619.08.2021
0
8138

27-nji awgustda «Iş Nokady» iş merkezinde fotosurat boýunça ussatlyk sapagy geçiriler.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagy şu aşakdaky maksatnama esasynda geçiriler:

  • Çeper fotosuratyň esaslary;
  • Fotosurat döredijilik şahsyýetiniň ösüşiniň bir tarapy.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapaklary (surat okuwlary) – bir günlük okuwyň has täze we eýýäm meşhur görnüşidir. Bu ussatlyk sapagynyň dowamynda suratçy gysga wagtyň içinde ýokary hünärli mowzuk boýunça nazary we amaly bilimlerini diňleýjilere geçirýär.

Okuwyň üstünligi esasan hünärmeniň ussatlygy we tejribe paýlaşmak ukyby bilen kesgitlenýär.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagynyň spikeri Welmuradowa Irina Leonidowna 30 ýyldan gowrak amaly tejribesi bolan suratçydyr. Irina «Iş Nokady» iş merkezinde eýýäm 2 gezek fotosurat ussatlyk sapagyny üstünlikli geçirdi we öz iş tejribesini diňleýjiler bilen paýlaşmagyny dowam etdirýär.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagynyň ahyrynda diňleýjiler çeper suratlar döretmek üçin esasy maglumatlary alarlar we kompozisiýanyň, kadr gurluşynyň we gaýtadan işlemegiň esasy düzgünleri bilen tanyşarlar.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty: sagat 18.30-da.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşmak üçin töleg: 150 manat.

Fotosurat boýunça ussatlyk sapagyna bellige alynmak üçin telefon belgi: +993 12 46-81-65.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň