Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

12:5719.08.2021
0
8955
Pakistanyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

2021-nji ýylyň 25 — 27-nji awgustynda Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Owganystanyň serhetdeş ýurtlarynda saparda bolmagyna garaşylýar. Bu barada Pakistanyň birnäçe habar beriş serişdeleri diplomatik çeşmelere salgylanyp habar berdiler.

Pakistanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana, Täjigistana, Özbegistana we Eýrana boljak saparynyň esasy maksady, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şeýle-de Owganystandaky dowam edýän çylşyrymly wakalary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Habarda bellenilişi ýaly, minstriň Türkmenistana saparynyň dowamynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler hem maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň