Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmen çagalary täze okuw ýylyna uýgunlaşdyrmak bilen bagly maslahatlaryny berýär

18:4117.08.2021
0
5016

Täze okuw ýylyna barmak büküp sanaýmalyja günler galdy. Şu günlerde ata-eneleriň öňünde möhüm bir sowal keserýär: çaga dynç alyşdan soň ýene-de okuwa uýgunlaşmak üçin nähili kömek berip bolar?

ONF-niň hünärmeni, çaga lukmany Tatýana Butskaýanyň pikiriçe, mekdep tertibine duýdansyz geçmezlik üçin çaganyň uky wagtyny üýtgetmeli we mekdep başlamazyndan birnäçe hepde öň ir oýanyp başlamaly. Mundan başga-da, hünärmen dynç alyşyň soňky günlerinde çagany lukman gözegçiliginden geçirmegi, eger-de onuň saglygy bilen bagly mesele ýüze çyksa, asudalyk bilen çözmegi maslahat berýär.

Hünärmen zerur bolsa gözegçiligi çaga lukmanyndan başlamagy maslahat berýär. Şeýle hem «aif.ru» neşirine görä, ortoped lukmany, oftalmolog, endokrinolog we diş lukmany bilen maslahatlaşmak zerur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň