Lukman pandemiýa döwründe immuniteti ýokarlandyrjak önümler barada maslahat berdi

16:5915.08.2021
0
6954

Beýik Britaniýaly lukman Don Harper, koronawirus pandemiýasy wagtynda iýmitiňize goşmaly goşmaça iýmitleriň sanawyny paýlaşdy. Hünärmeniň pikiriçe, immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin ilkinji nobatda gyzyl burç gerek, sebäbi onuň düzümindäki C witamini sitrus miwelerinden 3 esse ýokarydyr.

Brokkoli hem sagdyn gök önümleriň sanawyna girýär, sebäbi olar diňe bir A we C witaminlerine däl, eýsem, antioksidantlara hem baý. Mundan başga-da, «riafan.ru»-nyň habaryna görä önümleriň sanawyna ysmanak, sarymsak, gatyk ýaly önümler hem girýär.

Elbetde, bu habarda aýdylýanlary lukmanyň görkezmesi bilen deňeşdirip bolmaz. Şonuň üçin belli bir karara gelmezden ozal lukman bilen maslahatlaşyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň