«Toyota» şu ýyl 50 million «Corolla» satdy

16:4415.08.2021
0
10890

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli «Toyota» kompaniýasynyň «Corolla» kysymly awtoulaglarynyň 50 million sanysy satyldy.

Umuman, «Corolla» birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýäde iň köp satylan awtoulag modelleriniň başynda durýar. Ilkinji «Toyota Corolla» 1966-njy ýylda öndürilipdi. Bu ulaglar häzirki wagtda dünýäniň 150 ýurdunda satylýar, konserniň zawodlary diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, Hytaýda, Braziliýada, Wenesuelada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Türkiýede, Wýetnamda-da ýerleşýär. Dünýäde her ýarym minutda bir «Corolla» satylýar.

Köp ýyllaryň dowamynda bu modeliň 12 nesli üýtgedi we 1997-nji ýylda ol iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda öňdebaryjy boldy. 2005-nji ýylda satylan 30 million «Toyota Corolla» Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň