«Ak hünji» hojalyk jemgyýeti işe çagyrýar

09:4615.08.2021
0
4499

Penopolistiroldan dürli önümleri öndürýän «Ak hünji» hojalyk jemgyýeti daşary döwletlerden satyn alnan önümçilik enjamlarynda iş alyp barmak üçin işe çagyrýar. Kärhana bu wezipä laýyk işgäri (erkek adam) söhbetdeşlik esasynda saýlap alar.

Iş ornunyň aýlyk haky barada gürrüňdeşligiň barşynda habar berler. Işgär bellenilen synag möhleti bilen işe kabul ediler. Synag döwründe işgäre zähmet haky doly derejede tölenilip, işgäri bellige almak Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda ýerine ýetiriler.

Işe girmek isleýänlerden şular talap edilýär:

  • ýokary bilimli derejesi; (önümçilikde işlemek ugry boýunça);
  • kompýuterden oňat baş çykarmak;
  • rus we iňlis dillerini bilmek;
  • kärhananyň Mary welaýatynda ýerleşýändigi sebäpli, işe girmek isleýänleriň Mary welaýatynyň ýaşaýjysy bolmagy.

Dolandyryş binasynda we önümçilik meýdançasynda işlemek üçin talaplar:

  • orta we ýörite orta bilim.
  • önümçilik enjamlarynda köp tejribesi bolan.
  • mehanik
  • elektrik

Şeýle-de önümçilik sehlerinde operator, ussa, ýaly iş orunlarynda işlemek üçin mynasyp işgärler gözlenýär.

Işe girmek isleýän dalaşgärler özleri hakynda maglumatlary ykemal@akhunji.com elektron poçtasyna iberip bilerler. Maglumatlara dalaşgäriň pasportynyň, harby şahadatnamasynyň, diplomynyň we eger maşgalaly bolsa, nika şahadatnamasynyň skanerden geçirilen elektron nusgalaryny goşmak hökmanydyr.

Şeýle hem işe girmek isleýänler ýokarda agzalan resminamalar bilen şu salga ýüz tutup bilerler: Mary şäheri, Kenarýaka (Gurbansoltan eje dokma fabriginiň ýany) köçesiniň 12-nji jaýy, «Akhünji» hojalyk jemgyýeti.

Ähli doldurmaly resminamalary şu salgydan alyp bilersiňiz.

BELLIK: salgysyndan doldurmaly maglumatlary kompýuteriňize ýükläp, dogry we dürs dolduryp, ykemal@akhunji.com e-mail poçtasyna ugradyň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň