Türkiýäniň tanymal haryt-nyşanly dükanlarynyň resmi dilerleri utuşly aksiýa yglan edýär

19:4114.08.2021
0
12140

Mavi, Koton, Colin’s, Altin Yildiz we Ramsey haryt-nyşanly dükanlar gymmatbahaly sowgatlary utmak mümkinçiligini döredýän aksiýa yglan edýärler.

15-nji awgustdan 30-njy sentýabra çenli döwürde dükanlardan 1000 manatlyk söwda eden alyja utuşly petekler gowşurylýar. Eger-de 1000 manatdan köp mukdarda söwda edilse, alyja 2 utuşly petek gowşurylýar (her bir 1000 manatlyk söwda üçin bir utuşly petek).

30-njy sentýabrda ýerli wagt hasaby boýunça sagat 19-00-da @asman_express instagram hasabynda göni ýaýlym arkaly, şeýle hem @mavi.tkm, @colins_turkmenistan, @koton_turkmenistan, @altinyildiz_classics_tkm we @ramsey_tkm hasaplarynda sowgatly utuş petekleri yglan ediler. Ýeňijileriň mynasyp boljak sowgatlarynyň arasynda 10 sany telewizor, 10 sany smartfon, 5 sany kir ýuwujy maşyn, 5 sany sowadyjy we baş utuş bolan awtoulag bar.

Utuşly petekler gowşurylandan soň, dükanlaryň administrasiýasyna özüň hakynda maglumatlary – adyňy we telefon belgiňi habar bermelidir. Petekler yzyna alynmaýar we çalşylyp berilmeýär. Şeýle hem olar ýitirilen ýa-da zeper ýetirilen ýagdaýynda dikeldip bomaýar.

Colin’s, Mavi, Koton, Altin Yildiz, Ramsey döwrebap haryt-nyşanly dükanlar ýurdumyzyň ilatyna ozaldan bäri tanyşdyr. Türkiýäniň bu haryt-nyşanly egin-eşikleri tebigy matadan taýýarlanyp, hil hem-de bezeg taýdan ýokary derejeliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar haryt-nyşanly egin-eşikleri «casual» ― döwrebap şäher stiliniň ýüzi hökmünde öňe saýlanýar.

Goşmaça maglumaty aşakdaky belgilerden alyp bilersiňiz:

Ramsey +99361644118

Colins / Mavi +99361643987

Koton Woman +99361643996

Koton Kids +99361643985

Altinyildiz Classics +99361644059

Şeýle-de görüň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň