Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «City Business School» MBA Mini programmasy üçin baýrakly ýaryş geçirýär

17:5914.08.2021
0
12258

Türkmenistandaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») MBA Mini programmasy boýunça baýrakly ýaryşa başlandygyny habar berýär:

• 1-nji ýer – MBA Mini programmasy kursy boýunça okuwa mugt kabul ediler;
• 2-nji ýer – MBA Mini programmasy kursy boýunça okuwa 50 göterim arzanladyş bilen kabul ediler.
• 3-nji ýer – MBA Mini programmasy kursy boýunça okuwa 30 göterim arzanladyş bilen kabul ediler.

Häzirki wagtda MBA Mini programmasy kursy boýunça okuwyň bahasy 40000 manat. Şonuň üçin hem her kime bu işewürlik bilimini mugt ýa-da arzan bahadan almak üçin ajaýyp mümkinçilik döredi.

Ýaryşa gatnaşmaklyk üçin «satuw» mowzugyna degişli bir iş meselesini çözmeli.

Bu ýaryş 5-nji sentýabra çenli «Ýaryşa gatnaşmaga kabul edilmek» bölümindäki baglanyşyk arkaly elýeterlidir, bu ýerde Google formuny doldurmaly. Gatnaşyjylaryň hersine aýratyn belgi berler, netijede ýeňiji kesgitlener.

Ýaryşyň netijeleri 6-njy sentýabrda yglan ediler.

MBA bilen Instagramda tanyşmak üçin şu ýere basyň.

Mundan öň Aşgabatda ITEA-nyň Açyk gapylar gününi we baýrakly ýaryş çäresini geçirýändigini habar berdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň