Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 130-njy orunda

18:5512.08.2021
0
19737

FIFA öz saýtynda milli toparlaryň reýtingini täzeledi. Türkmenistan öňki ornunda galdy we 130-njy ýerde galýar. Şu güne çenli ýygyndy toparyň aktiwinde 1118 utuk bar.

Antigua we Barbuda türkmen toparyndan bir basgançak (1131) öňde barýar. 132-nji orunda Togo (1106) ýerleşýär.

Mundan öňki reýting 27-nji maýda çap edilipdi. Şondan soň Türkmenistan iki gezek resmi duşuşyk geçirdi. Ýazguly Hojageldiýewiň türgenleri Katarda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna saýlama oýunlarynyň çäginde Liwany 3:2 hasabyna utdular, şonuň ýaly-da Koreýadan 0:5 hasabynda utuldylar.

Belgiýa birinji orny saklaýar, onuň yzyndan Braziliýa barýar. Üçlükleriň gowusynyň soňunda Fransiýa barýar. Şonuň ýaly-da, birinji bäşlige Ýewropa—2020-niň finalistleri Angliýa we Italiýa girýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň