Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy tomusda meýilleşdirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň birinji tapgyryny tamamlady

16:2112.08.2021
0
9175

23 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tomusky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ilkinji tapgyry tamamlandy. Olar Olimpiýa şäherçesinde türgenleşdiler.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysyna ýakynda baş tälimçi bellenildi. Geljegine uly umyt bildirilýän futbolçylar baş tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşikleriň çäginde Ýokary liganyň wekilleri ― «Ahal» we «Aşgabat» futbol toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirdiler. Ýaşlar ýygyndymyzyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ikinji tapgyry 16 ― 21-nji awgust aralygynda geçiriler.

Bu türgenleşikleriň 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna gönükdirilendigini aýtmak gerek. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan geçirilen bije çekilişikleriniň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy «F» toparçasynda ýaryşmaly boldy. Biziň ildeşlerimiziň garşydaşlary bolsa Iordaniýanyň we Palestinanyň ýaşlary bolar. «F» toparçasynyň saýlama duşuşyklaryny şu ýylyň 23 ― 31-nji oktýabry aralygynda Iordaniýada geçirmek meýilleşdirilýär.

Yklym ýaryşynyň final böleginiň düzgünnamasyna laýyklykda, her toparçanyň ýeňijisi, ýagny 11 ýygyndy jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanar. Olara toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan hem iň gowy dördüsi goşular. Ýeri gelende aýtsak, ýaşlaryň arasynda bäşinji gezek geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryş geljek ýylda Özbegistanda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň