Soňky habarlar

Arhiw

Marsda ýaşamak üçin ilkinji synaglara girişiler

12:1212.08.2021
0
4719

NASA tarapyndan Marsdaky ýaşaýyşy düzgünleşdirmek üçin dalaşgärleri saýlamak işi başlandy.

Oňa gatnaşyjylar hakyky Marsyň şertlerinde bir ýyl ýaşarlar. Taslamanyň dowamynda «Gyzyl planetanyň» geljekki kolonizatorlary, şertleri mümkin boldugyça has ýakyn bolan«"Mars Dune Alfa» ýörite toplumynda bolar.

Bu toplum iş, durmuşy goldamak, ylmy gözlegler, aragatnaşyk, bedenterbiýe we ösýän ekinler üçin enjamlar bilen doly üpjün ediler. NASA 2022, 2024 we 2025-nji ýyllarda amala aşyryljak üç sany missiýany meýilleşdirdi. Taslama üçin dalaşgärler berk talaplara laýyklykda saýlanar.

«Techcult.ru»-nyň habaryna görä, ähli dalaşgärleriň 30 ýaşdan 55 ýaş aralygynda we sagdyn bolmagy esasy şertdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň