Soňky habarlar

Arhiw

«Xiaomi» robot-köpegini döretdi

19:0211.08.2021
0
4343

Hytaýdaky “Xiaomi” tehnologik kompaniýasy özüniň “CyberDog” diýip at berlen dört aýakly robot-köpeginiň resmi tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

Kompaniýanyň resmi beýanatynda täze oýlap tapyş barada: “CyberDog daş-töweregindäki ýagdaýlary seljermäge, giňişlikde ugur almaga we päsgelçiliklerden sowlup geçmäge ukyplydyr. Ol öz eýesiniň yzyna düşüp, päsgelçilikleri ýeňip bilýär” diýilýär.

«The Verges» žurnalynyň kompaniýanyň metbugat habarnamasyna esaslanyp ýazmagyna görä, robotyň agramy 3 kilogram, ol tizligini sagatda 12 kilometre ýetirip bilýär. Mundan başga-da, CyberDog kameralardyr sensor ýollaýjylar, GPS ulgamy we beýleki tehnologik gazanylanlar bilen üpjün edilendir.

Kompaniýa ilkibaşda robot-köpekleriň 1 müňüsini satuwa goýbermekçi, onuň bahasy 1540 amerikan dollary bolar.

“Xiaomi” — 2010-nji ýylda esaslandyrylan hytaý kompaniýasy bolup, smartfonlaryň, planşetleriň we “akylly” öý enjamlarynyň önümçiligini alyp barýar. Şu ýylyň iýulynda bu kompaniýa smartfonlaryň satuwy boýunça dünýäde “Samsung” kompaniýasyndan soňra ikinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň