“SpaceX” mahabat üçin ýörite emeli hemra uçurar

18:4511.08.2021
0
5223

“SpaceX” Kanadanyň “Geometric Energy” kompaniýasy bilen kosmosa mahabat çykarmak üçin uly göwrümli taslamany taýýarlaýar.

Hyzmatdaş kompaniýanyň direktory Samuel Reediň pikiriçe, “SpaceX”-iň hemrasy mahabatlaryň görkeziljek uly ekrany bilen enjamlaşdyrylar. Ol bolsa Ýere seredip, selfi alar. Netijede, planetamyzyň fonunda hakyky giňişlikdäki mahabatlar adaty ekranlarda görner.

Awtorlaryň pikiriçe, bu mahabat berijiler üçin iň uly we iň täsirli platforma bolar, mazmunda hiç hili çäklendirmeler bolmaz. «Techcult.ru»-nyň habar bermegine görä, «SpaceX» entek taslama barada hiç hili düşündiriş bermedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň