Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan döwletleriň rekordy täzelendi

18:5010.08.2021
0
25726

Ýakynda tamamlanan Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynda bu Oýunlaryň taryhyndaky medal rekordy täzelendi.

Şeýlelikde, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda jemi 93 döwletiň wekilleri medallara mynasyp boldular. Mundan ozalky rekord 87 döwlet bilen Pekin ― 2008-e degişlidi.

Medallaryň basgançagynyň çür depesinde ABŞ-nyň, ikinji ornunda HHR-nyň we üçünji orunda Ýaponiýanyň wekilleri bar.

Şu gezek Türkmenistan, San-Marino we Burkina-Faso Oýunlaryň taryhyndaky ilkinji medallaryny gazandylar.

Şeýle hem Katar, Filippinler we Bermud adalary Oýunlaryň taryhyndaky ilkinji altyn medallaryny aldy.

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynyň sportuň görnüşleri (33) we medallaryň toplumy babatynda hem rekord goýandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň