Arhiw

Korkoran şäheri ýere siňýär

18:0110.08.2021
0
5563

Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Korkoran şäheri kem-kemden ýer astyna siňip barýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň belleýşi ýaly, soňky döwürde jaýlary «ýer ýuwudýar». Hünärmenler bu hadysany şäherdäki güýçli guraklyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Çünki suwuň ýoklugy üçin ýerasty suwlar sorulýar. Bu bolsa olaryň ozal ýerleşen giňşiliginde boşluk döredýär.

«Techcult.ru»-nyň habaryna görä, ýerasty çeşmeleriň suwdan dolmagy üçin wagt gerek. Näme bolup geçýändigi barada alada edip, ýerli häkimiýetler kosmosdan şekilleri ulanyp, dowam edýän geologiki üýtgeşmeleri seljermek üçin NASA ýüz tutdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň