Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döwlet desgalaryny satuwa çykaryş çäresi geçiriler

12:1510.08.2021
0
12737

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäs­le­şik­li söw­da­lar 2021-nji ýy­lyň 25-nji aw­gus­tyn­da sa­gat 10-00-da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ja­ýyn­da ge­çi­ril­ýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň