Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Marketing we telekeçiligi ösdürmek» mowzugy boýunça işewürleriň ertirlik nahary geçiriler

10:5210.08.2021
0
7029

Şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistandaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebiniň») topary ýurdumyzyň ähli telekeçilerini işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmaga we «Marketing we telekeçiligi ösdürmek» mowzugyny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar.

Marketingiň näme üçin kompaniýada saklanýandygyny bilmeýärsiňizmi? Onda ähli soraglaryňyza jogap taparys!

Telekeçileriň ertirlik nahary oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýokary derejeli özara işewürlik gatnaşygyny ýola goýmaklyk maksady bilen geçiriler. Bu çärede «case-study» amallaryndan peýdalanmaklyk, hakyky marketing we PR taslamalarynyň derňewi, tejribe alyşmaklyk we özara maslahatlaşmaklyk ýaly usullar ulanylar.
Işewürleriň ertirlik naharynyň maksatnamasy şu aşakdaky meýilnamalardan ybarat:

Dogrudan-da satuwy artdyrmak üçin haýsy gurallar işleýär;

  • Digital marketing (sanly marketing) — web sahypalary, e-mail marketing,
  • sosial ulgamlar;
  • Ýerli marketing;
  • e-mail marketinginiň ähmiýeti;
  • Hakyky (ugurly) öňegidişlik kanallary.

Işewürleriň ertirlik nahary kompaniýalaryň ýolbaşçylary, direktorlary hem-de hususy kärhanalaryň marketing, PR we telekeçiligi ösdürmek bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin peýdaly bolar. Çünki, bu ýerde internet marketing ulgamyndaky işiňiz bilen baglanyşykly häzirki döwrüň iň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Telekeçileriň ertirlik nahary — işewür adamlar we hususy kärhanalar üçin ajaýyp başlangyçdyr.

Işewürleriň ertirlik naharynyň spikeri: milli bilermen we işewür geňeşçi Andreý Skopow bilen digital marketolog (sanly marketolog) Ahmet Gurbanow.

Işewürleriň ertirlik naharynyň başlanýan wagty: sagat 09:45-de

Işewürleriň ertirlik naharynyň geçirilýän ýeri: «Terrasa» restorany, «Alyşir Nowaýy» köçesinde ýerleşýän «Altyn Zaman» binasynyň 2-nji gaty

Işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmak üçin töleg: 200 manat.

Işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmak isleýänlere bellige alynmak üçin telefon belgi: +993 12 46-81-65.

Mundan öň Türkmenistandaky «City Business School»-yň («Şäher işewürlik mekdebiniň») Sizi açyk gapylar gününe çagyrýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň