Soňky habarlar

Arhiw

Waksina kabul edenlere «Apple» gulaklygy sowgat berler

16:5709.08.2021
0
4608

Waşington şäherinde COVID-19-a garşy sanjymyň ilkinjisini kabul eden ýetginjeklere «Apple AirPods» gulaklygy sowgat berler. Sowgada 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler degişli. Şeýlelik bilen, häkimiýetler koronawirus ýokançlygyna garşy sanjymlary wagyz edýärler.

«Ferra.ru»-nyň habar bermegine görä, mugt gulaklyk bermekden başga-da, ýetginjekleriň arasynda her hepde 8 toplum «iPad», bir topar oýun, şeýle hem 25 000 dollarlyk iki sany kollej talyp haky hem paýlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň