«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin myhmanhana

15:2909.08.2021
0
3472

«Disney» kompaniýasy «Galactic Starcruiser» atly ýöriteleşdirilen myhmanhanasynda myhmanlary kabul etmäge taýýar. Mundan beýläk «Ýyldyz söweşleri» filminiň muşdaklary 4800-den 6000 dollara çenli çykdajy bilen bu filmiň dünýäsinde ýaşap bilerler.

Beýle gymmat bahaly bolar ýaly myhmanhananyň nähili aýratynlyklary bar? Ilki bilen onuň diňe bir myhmanhana däldigini aýtmak gerek. Ol ýörite ugra niýetlenen attraksionly seýilgäh bilen hem üpjün edilen. «Techcult.ru» neşiriniň habar berşi ýaly, bu ýerde her bir myhman öz isleýän täsinlikleriniň jümmüşine aralaşyp biler. Olar ýagtylykda ýa-da tümlükde ýaman pälli adamlaryň garşysyna «göreşip», bir günläp filmiň dünýäsinde galyp bilerler. Müşderilere bu ýerde şahsy oýnuny döretmäge, özüniň söýgüli gahrymanynyň lybasyna girmäge-de mümkinçilik berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň