Soňky habarlar

Arhiw

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti Hazaryň kenarynda geçirilen halkara sergide öz gazananlaryny görkezdi

11:1609.08.2021
0
10277

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda geçirildi. Bu halkara sergisine Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň işewür wekilleri gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine Türkmenistanyň beýleki işewür wekilleri bilen bir hatarda «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşdy.

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti özüniň dürli önümlerini – «MB-shoes» markaly deri aýakgaplaryny, «Nowruz haly» markaly sintetik halylaryny, «Aksuw deri» markaly eýlenmedik tebigy deri önümlerini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşyjylara hödürledi

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň önümleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar. Bu hususy kärhana daşary söwda hyzmatdaşlygyny has işjeň ösdürýär – «Nowruz haly» markaly sintetik halylaryny Özbegistana, Gazagystana we ABŞ-a eksport edýär. Russiýada bolsa, «MB-shoes» markaly deri aýakgaplaryna isleg bildirilýär.

Şeýle hem, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti «Aksuw deri» markaly eýlenmedik tebigy deri önümlerini Italiýa eksport etmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň