Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý güýçli simsiz zarýad berijileri çäklendirýär

17:5108.08.2021
0
3300
Hytaý güýçli simsiz zarýad berijileri çäklendirýär

Smartfon öndürijileriniň köpüsi eýýäm sarp edijilere ýokary güýçli çalt simsiz zarýad berijileri hödürlemäge taýyn. Ýöne «ferra.ru»-nyň habar berşi ýaly, Hytaýyň häkimiýetleri şeýle enjamlaryň güýjüni çäklendirmekçi.

Şeýlelik bilen, HHR-nyň Senagat we maglumatlar ministrligi mobil telefonlary üçin simsiz çalt zarýad bermekde käbir çäklendirmeleriň girizilmegini göz öňünde tutýan resminamany tassyklady. Taslama güýje girse, 20 wattdan gowrak güýji bolan enjamlar 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryndan gadagan edilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň