«Ak hünji» HJ-niň önümleri sergide görkezilýär

18:2406.08.2021
0
3183

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çäreler bilen ugurdaş Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriň halkara sergisi öz işine başlady. Iki gün dowam etjek bu sergä Mary welaýatynda ýerleşýän «Ak hünji» HJ-i öz öndürýän önümleri bilen gatnaşýar.

Bu kärhana Türkmenistanda polistiroldan (EPS) ýylylyk izolýasiýa we bezeg gurluşyk materiallaryny öndürýär. «Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň hil taýdan kepillikli, ekologik taýdan zyýansyz, ulanyşda berk we tygşytly häsiýete eýe bolan önümlerine penoplast önümleri, sendwiç paneller, skobalar, sürteç, faýllar, polipropilen listler, GPPS, gaplama önümleri degişlidir.

Kärhananyň öndürýän skobalary metallary birleşdirmek üçin ulanylýan, iki uçly, metaldan ýasalan berkidijidir. Olar kanselýariýa, reklama bannerlerinde we mebelleriň düzüminde ulanylýar. Ildeşlerimiziň arasynda uly islegden peýdalanýan demir sürteçler inçe poslamaýan polatdan ýasalyp, olar gap-gaçlary arassalamak üçin oňaýly we eller üçin howpsuzdyr.

Bu ýerde öndürilýän A4 ölçegdäki faýllar resminamalary we kagyzlary salmak üçin ulanylyp, olar hapalanmakdan we mehaniki zeperlenmeden goramak üçin niýetlenilen plastiki we reňksiz kanselýariýa saklaýjylarydyr. Faýlyň esasy aýratynlygy resminamany daşyna çykarmazdan hem printerler arkaly nusgalap bolýanlygydyr.

Häzirki wagtda kärhanada jaýlaryň içki we daşky bezeg önümleriniň görnüşleri artdyryldy. Jaýlaryň daşky bezegi üçin niýetlenilen hem-de sowukdan, yssydan we sesden goraýjylykly 3D panelleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Sergide «Ak hünji» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän şu we beýleki önümleriň ählisi bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň