Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky meşhur haryt-nyşanly dükanlar lotereý utuşyny geçirer

11:4606.08.2021
0
15865

Paýtagtymyzdaky Mavi, Koton Kids, Colins we Altin Yildiz haryt-nyşanly dükanlar gymmatbahaly sowgatlaryň lotereý utuşyny yglan edýär.

Lotereý utuşy 7-nji awgustda sagat 17:00-da @asman_express instagram akkaundynda göni ýaýlymda alnyp barylar.

Lotereý utuşyna gatnaşmak üçin degişli haryt-nyşanly dükanlarda 500 manatlyk we ondan ýokary möçberde söwda etmelidi. Şonda alyjylara lotereý petekleri gowşuryldy. Petekleriň utuş sowgatlarynyň arasynda Iphone 11 Pro, telewizor, mikrowalnowka, ütük, blender we ş.m. bar. Petekler arkaly utuljak umumy sowgatlaryň sany 30-dan gowrakdyr.

Lotereý utuşyny geçirmegiň maksady degişli haryt-nyşanly dükanlaryň meşhurlygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle çäreler bu haryt-nyşanly dükanlar tarapyndan yzygiderli guralýar. Ýakynda mukaddes Gurban baýramy mynasybetli marketingi we söwdany ösdürmek bilen bagly teklipleriň ýaryşy geçirilip, onuň ýeňijileri smartfon we pul kuponlary bilen sylaglandylar.

Mavi, Koton Kids, Colins hem Altin Yildiz haryt-nyşanlarynyň önümlerini «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji we 2-nji gatynda ýerleşýän dükanlardan satyn alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň