Soňky habarlar

Arhiw

«Amazon» tölegleri barmak yzlary arkaly kabul edýär

14:5805.08.2021
0
2892
«Amazon» tölegleri barmak yzlary arkaly kabul edýär

«Amazon» kompaniýasy ulanyjylaryndan barmak yzlaryny ýygnamak üçin jedelli kampaniýany başlady.

«Ferra.ru-nyň» «TechCrunch»-a salgylanyp habar bermegine görä, kompanýanyň «Amazon One» hyzmatynda hasaba alynmagyny teklip edýän torda maglumatlar peýda boldy we munuň öwezine 10 dollar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, hyzmat barmak yzlaryndan peýdalanyp, töleg geçirmekden başga zat däl.

«Amazon» ulanyjylaryň biometrik maglumatlarynyň näbelli wagt saklanjakdygyny gizlemeýär. Gyzykly tarapy, şahsy maglumatlaryň öçürilmegini haýyş edip ýa-da iki ýyllap «Amazon One»-dan peýdalanmakdan ýüz öwürip bilersiňiz. IT ägirtleriniň bu täzeligi hünärmenleriň arasynda alada döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň