Arhiw

Täjigistanyň Prezidenti S.Nyýazowy hatyralady

12:2905.08.2021
0
666
Täjigistanyň Prezidenti S.Nyýazowy hatyralady

Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde, 4-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna bardy hem-de bu ýerdäki aramgähe gül goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.Nyýazowy hatyralady. Soňra Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Milli gahrymanlarymyzyň — merdana Watan goragçylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren «Baky şöhrat» ýadygärligine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dostlukly ýurduň Baştutany ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň