Soňky habarlar

Arhiw

Ortaýer deňziniň ýakasyny tokaý ýangynlary gurşap aldy

11:3305.08.2021
0
1474

Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlaryny tokaý ýangynlary gurşap aldy. Olaryň hatarynda Türkiýe Ýewropa Bileleşiginden ýangynlary söndürmekde kömek sorap ýüz tutdy. Ispaniýa we Horwatiýa, şeýle hem beýleki döwletler bu ýurda suw pürküji uçarlaryny ýollady. Eýýäm bäş gün bäri dowam edýän ýangynlar netijesinde heläk bolanlaryň bardygy habar berilýär, ilat ýangyn ýerlerinden göçürilýär. Dynç alýanlar Antailýanyň we Muglanyň golaýyndaky şypahanalary terk edýärler, ýangyn eýýäm Bodrumdaky myhmanhanalaryň alkymyna ýetdi, bu ýerde-de adamlar öýüni terk etmäge mejbur bolýarlar.

Şol bir wagtda Italiýanyň Peskara ülkesinde hem sosna tokaýlyklary ýanýar, ýangyny söndürijilere gurak yssy şemal päsgel berýär. Goňşy şypahana şäherlerinde tüsseden ejir çeken adamlar hassahanalara ýerleşdirilýär, sebitden 800 adam höwpsuz ýere göçürildi.

Gresiýada hem ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar, Afiny şäherinde howanyň 47 derejede gyzmagy hasaba alyndy, meteorologlar munuň hepdäniň aýagyna çenli saklanjakdygyny aýdýarlar. Howanyň şeýle gyzmagy mundan 30 ýyl öň hasaba alnypdyr. Ýurduň hökümetleri kömürde işleýän elektrik beketlerini täzeden işe goýberýärler, sebäbi ilatyň yssy zerarly sowadyjylary köp ulanmagy netijesinde elektrik togy ýetmeýär. Ýurtda tokaý ýangynlarynyň iň köp dörän ýerleri Rodos adasy hem-de Peloponess ýarym adasy bolmagynda galýar.

Ady agzalan ýurtlaryň ýerli häkimiýetleri tokaý ýangynlarynyň sebäbini tebigy hadysa däl-de, maksatlaýyn otlanylmagy bilen baglaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň