Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ gymmatlyklary gaýdyp berdi

17:1904.08.2021
0
1601

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Yrak urşy döwründe ýurtdan çykarylan taryhy gymmatlyklary Bagdada gaýdyp berdi, golaýda Waşingtondan bu ýurduň paýtagtyna 17 müň töweregi taryhy tapyndylar ýerleşdirilen uçar geldi. Ol tapyndylar ýurtdan Yrak urşy döwründe çykarylypdyr. Gymmatlyklar daş asyryna, şeýle hem wawilon, assiriýa we yslam döwürlerine degişlidir.

Yrakda häzirki wagtda medeni-taryhy mirasyň müňlerçe ýadygärlikleri goralmaýar, şol sebäpli olara ýurtdan çykarylmak howpy abanýar diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň