Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçary synagdan geçirende geýen lybasy muzeýe tabşyryldy

10:5604.08.2021
0
1494

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiñ Merkezi serkerdeler öýünde TÝG-nyň Belent Serkerdebaşy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji awgustda milli Ýaragly Güýçlerimiziň harby howa güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar bilen tanyşmagy, synag uçuşyny amala aşyrmagy hem-de harby uçarmanyň ýörite lybasyny paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasyna sowgat bermegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň synagdan geçiren uçary asmanda ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Onuň uçuş uzaklygy 2000 kilometre barabar bolup, iň ýokary uçuş beýikligi 13 müň 700 metre deňdir. Bu bolsa onuň islendik ýerde gözegçilik uçuşyny amala aşyrmaga mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Şeýle kuwwatly harby söweşjeň uçaryň ýurdumyzyň harby howa güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowuşmagy milli Ýaragly Güýçlerimiziň dünýä derejesinde kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hoşallyk maslahatynyň çäklerinde milli Ýaragly Güýçlerimiziň binýadyndaky harby tehnikalaryň sergisi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň synag uçuşynda geýen harby uçarmanyň ýörite lybasy ýerleşdirildi. Ol dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň ählisiniň üns merkezinde boldy. Şeýle-de sergide hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2008-nji ýylda harby uçarda amala aşyran synag uçuşynda geýen ýörite harby uçarman lybasy hem orun aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň