Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

23:4703.08.2021
0
6005

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady. Gutlagda şeýle diýilýär:

— Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly ýurtlaryň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk hem-de dostlukly ermeni halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň