Eýran tüwini import edijileriň arasynda dördünji orna çykdy

23:1503.08.2021
0
1377

Eýran Yslam Respublikasy her ýyl umumy bahasy 880 million amerikan dollary bolan 1,2 million tonna tüwini daşary döwletlerden satyn alýar, bu barada “Iran.ru” habarlar gullugy Eýranyň Söwda-senagat we oba hojalyk palatasynyň hasabatyna esaslanyp habar berdi.

Şol bir wagtda ýurt tüwini eksport edijileriň sanawynda 65-nji orunda durýar, ýagny her ýyl bahasy 2,5 million dollar bolan 4 müň tonna tüwini Türkiýä, Kanada we Germaniýa satýar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda her ýylda adam başyna 36 kilogram tüwi düşýär, bu san ösýän ýurtlarda 67,9 kilograma, ösen döwletlerde ortaça 56,9 kilograma deňdir.

Mazendaran welaýatynda her ýyl 930 müň tonna tüwi hasyly alynýar, bu döwletde iň köp tüwi öndürilýän ýerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň