Stiw Jobsuň arzasy rekord nyrhdan satyldy

23:0203.08.2021
0
1070

Dünýä belli kompýuter tehnologiýalaryny öndüriji işewür Stiw Jobsuň 1973-nji ýylda işe kabul etmek baradaky arzasynyň golýazma nusgasy bassyr ikinji gezek gymmat bahadan satyldy. Eger mart aýynda oňa 222 400 dollar berlen bolsa, bu gezek onuň bahasy 343 müň dollara deň boldy.

Bu gezek öňki söwdalaşyklardan tapawutlylykda, Jobsuň elýazmasy bilen birlikde, arzasynyň NFT ülňüdäki sanly nusgasy hem satuwa çykaryldy, ony bolsa 12 esse arzan bahadan, ýagny 27500 dollardan satmak başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň