Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan “Sputnik V” sanjymynyň önümçiligine girişdi

22:2303.08.2021
0
1273

Özbegistanyň Almalyk şäherinde Russiýada döredilen “Sputnik V” waksinasynyň önümçiligine girişildi, bu barada Kun.uz. habarlar gullugy ýurduň Sanitar-epidemologik abadançylyk we saglygy goraýyş gullugynyň ýolbaşçysy Bahodir Ýusupaliýew resmi beýanatyna esaslanyp, habar berýär.

“Sputnik V” sanjymynyň ilkinji toplumy eýýäm öndürildi we Russiýanyň “Gamaleýi” Milli merkezine hili barlagy üçin iberildi. Bu möhüm işdir, biz häzir onuň netijelerine garaşýarys, eger oňlanylsa, waksinanyň doly güýjündäki önümçiligine girişeris” diýip, Ýusupaliýew nygtady.

Ol şeýle-de ilkinji tapgyrda waksinanyň rus tarapyndan gelip gowuşýan çig maldan öndüriljekdigini, soň bolsa eýýäm gurluşygyna başlanan synaghanada öndüriljek ýerli komponentleriň esasynda önümçiligiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň