Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada uglerod süýümi muzeýi açylar

17:4403.08.2021
0
4109

Italiýanyň Piaçenze şäherindäki köne ammarlaryň biri uglerod süýümi muzeýine öwrüler. Bu muzeýde ony öndürýän MAE kompaniýasynyň taryhy şöhlelendiriler.

Gyzykly tarapy muzeýiň içerki böleginiň uglerod süýüminden we olardan emele gelmegi meýilleşdirilýär. MAE muzeý taslamasy Karlo Ratti Associati dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Üýtgeşik taslama ullakan fermuar görnüşinde girelge arkaly girip boljak üç zaldan ybarat bolar.

Taryhy, önümçilik we sergi zalyna gelenler uglerod süýüminiň ösüş taryhy we durmuşymyzda ulanylyşynyň giňligi bilen tanşyp bilerler. «Techcult.ru»-nyň habar berşine görä, önümçilik zalynda uglerod süýümlerini döretmek hadysasynyň ähli inçeliklerine düşünmäge mümkinçilik dörediler. Şeýle hem bu ýerde inçe uglerod sapaklarynda asylan awtoulaglaryň, uçarlaryň we kosmos gämileriniň modellerini görüp bilersiňiz.

Uglerod süýümi muzeýi indiki ýyl açylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň