«Leica» ilkinji smartfonyny hödürledi

17:3803.08.2021
0
4741

Germaniýanyň «Leica» brendi ilkinji smartfonyny ― «Leitz Phone 1»-i hödürledi.

Täze telefon 8 ýadroly «Snapdragon 888» ýady, 12 GB-lyk RAM we 256 GB-lyk ýat bilen üpjün edildi. Ol 5G tizlikli interneti goldaýar. «Leitz Phone 1»-iň displeýi diagonaly 6,6 dýuým we durulygy 1260x2730 bolan OLED tehnologiýasy arkaly öndürilýär.

Telefon «Android 11» operatiw ulgamynda işleýär. Öňdäki kamera, adaty ýagdaýda selfi üçin niýetlenendir.

«Leitz Phone 1»-iň esasy aýratynlygy, 20,2 megapiksel 1 dýuýmlyk CMOS datçigi bolan esasy kameradyr. Kamera birbada hem RAW, hem JPEG görnüşinde surata düşürmäge ukyply, üstesine-de, smartfonda köp peýdaly funksiýalary bolan içerki Leitz surat işleýiş guraly bar. Diňe Ýaponiýanyň içerki bazary üçin niýetlenen täze telefonyň bahasy takmynan 1700 dollar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň