Soňky habarlar

Arhiw

Aýaly üçin sanawy üýtgetdi

16:4803.08.2021
0
1624
Aýaly üçin sanawy üýtgetdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýjysy öňki aýaly bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak üçin, oňa iberen habarnamasynda «Napster» aýdym-saz programmasyndaky sanawynda görkezilýän adyny üýtgetdi. Şeýlelikde, amerikaly öňki aýaly bilen hiç hili aragatnaşyk saklamaly däldigi sebäpli ABŞ-nyň kanunlarynyň birini bozmakda günäli tapyldy.

«Ferra.ru» neşiriniň habaryna görä, ol diňe gatnaşyklary gowulaşdyrmak isledi we öňki aýalyny kemsitmek islemedi.

Bu waka düşündiriş bersek, ol «Napster» programmasynda aýaly bilen bir hasaby ýöredýärdi. Şeýlelikde, ol sanawynyň adyny üýtgedip bildi. Bu düzgün bozulandygy üçin kazyýet adama şertli höküm çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň