Soňky habarlar

Arhiw

Izabel perde salony: «Biziň wezipämiz diňe bir öýde rahatlyk döretmeklik däl, eýsem biçüw talaplaryny kanagatlandyrmaklyk»

14:1603.08.2021
0
8461

Izabel perde salony 22 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň bazarlarynda hereket edýär. Ýöne şol 22 ýylyň içinde bu kärhananyň ýörelgeleri üýtgemedi. Izabel perde salony diňe bir önümi satmaklyk bilen çäklenmän, eýsem ilata hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hil derejesini hem üpjün edýär.

Häzirki wagtda Izabel perde salony – ýaşaýyş jaýlarynyň we ofisleriň içki görnüşiniň düýpgöter üýtgäp, özboluşly bir owadan keşbe eýe bolmagynda birnäçe hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy salonlaryň biridir. Bu ýerde tutular, perdeler, jalýuziler (jalýuzi - ýuka tagtajyklardan ýasalan penjire perdesi) bilen otaglary görklendirmeklikde täze bezeg görnüşleri döredilýär we häzirki zamanyň döwrebap meýilleri emele gelýär.

Izabel perde salonynyň müşderilerine hödürleýän hyzmatlary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

* Týullary we perdeleri tikmek (aýratynlykda);
* Ýorgan-düşekleri we örtükleri tikmek;
* Perdeleri oturtmak (ähli görnüşler);
* Jalýuzi we Roll perdelerini oturtmak;
* Rim tutularyny oturtmak;
* Perdeleri ýuwmak.

Mundan başga-da, Izabel perde salony ölçeg almaklyk we buýurmalara görä taslama döretmeklik üçin, şeýle hem eýýäm ýasalan perdeleri mugt gurnap bermeklik üçin dizaýneriň müşderileriň salgysyna mugt gelmegini üpjün edýär.

Öz işinde uly tejribe toplan Izabel perde salony buýurmalara görä, müşderilerine edýän hyzmatlaryny ýokary hil derejesinde göreldeli ýerine ýetirmeklik bilen diýseň uly abraý gazandy.

Izabel perde salonynyň işgärleriniň belleýşi ýaly, perdeleri oturtmak işiň iň soňky tapgyrydyr. Işiň bu tapgyrynda kärhananyň işgärleri perde oturdanlarynda diňe bir öýde rahatlyk döretmeklik üçin däl-de, eýsem, ozal ylalaşylan biçüwiň ähli talaplaryna görä, müşderiniň isleglerine laýyk gelýän perde oturdýarlar.

«Biziň işimiz diýseň tolgundyryjy we örän gyzykly. Biz öz işimiziň jaýlaryň we edara binalarynyň içerki dizaýnynyň aýrylmaz bölegidigine gaty buýsanýarys!» - diýip Izabel perde salonynyň işgärleri belleýär.

  • Izabel perde salonynyň salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly,155 (öňki Moskowskiý şaýoly).
  • Izabel perde salonynyň telefon belgisi: + 99365- 50-60-21, +99365 08-61, 21-91-07.
  • Izabel perde salonynyň web sahypasy: www.salonizabel.com
  • Izabel perde salonynyň Instagram sahypasy: @salonizabeltm
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň