Arhiw

Estoniýada ýurduň Ylymlar akademiýasynyň başlygynyň Prezident saýlawyna dalaşgärligi tassyklandy

12:3703.08.2021
0
1083

Estoniýanyň dolandyryjy koalisiýasy (koalisiýa – umumy bir maksada ýetmeklik üçin partiýalaryň we ş.m guramalaryň ylalaşygy, birleşigi) ýurduň Ylymlar akademiýasynyň başlygy, amaly matematika ugry boýunça alym Tarmo Soomeriň ýakyn wagtda geçiriljek Prezident saýlawynda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärligini tassyklady. Bu barada ýurduň telewideniýe we radio portaly habar berdi

Estoniýada Prezident saýlawy şu ýylyň 10-njy awgustyndan 29-njy sentýabry aralygynda geçiriler. Ilki bilen prezident parlament tarapyndan saýlanmaly. Deputatlaryň ses bermegi oňyn bolmasa, 208 adamdan (107 sany ýerli hökümet wekili we 101 sany deputat) ybarat saýlaw geňeşi çagyrylar.

Estoniýanyň häzirki prezidenti bu wezipä 2016-njy ýylda saýlanan Kersti Kelýulaýddir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň