Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada aşa yssy howa gün urmak howpuny ýokarlandyrdy

11:4203.08.2021
0
684

Düýn – 2-nji awgustda Ýaponiýanyň günbatarynda we demirgazygynda howa temperaturasy gaty ýokarlandy. Bu ýurduň sebitleriniň köpüsinde temperatura +35 dereje ýokarlandy.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa Guramasy ýurduň ýaşaýjylaryny gün urma hadysasyndan goramaklyk üçin öýden çykmazlyga we öýden çykaýan ýagdaýynda-da başgap (şlýapa) geýmeklige çagyrdy.

Ýaponiýada howa düýn ýerli wagt bilen sagat 11:30-da, Niigata prefekturasynda +35,7 dereje, Miýazu we Kýoto prefekturasynda +35,5 dereje, Osakada +34,9 dereje, +Fukuşimada 33,9 dereje we Tokionyň merkezinde +33,1 dereje yssy boldy.Temperatura günortandan soň, biraz ýokarlanyp, howa Fukui prefekturasynda +37 dereje, Kýoto, Niigata we Ýamagata prefekturalarynda +36 dereje, Osaka, Nagoýa we Kanazawa prefekturasynda +35 dereje,

Tokio şäheriniň merkezinde bolsa +34 yssy boldy.

Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary gereksiz gezelençlerden gaça durmaga, arassa suw içmäge, kondisionerleri ulanmaga we öýüň çäginde açyk howada gezim edilende agyz-burun örtügini geýmezlige çagyrýar.

Honşu adasynyň günortasynda we Sakişima adalarynda hereket edýän yssy we çygly howa Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky atmosferany bozar diýlip çaklanylýar. Mundan başga-da, käbir ýerlerde güýçli ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrym çakmagyna garaşylýar. Munuň bolsa, derýalarda suw joşgunyna we düzlüklerde güýçli ýeliň döremegine sebäp bolup biljekdigi bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň