Soňky habarlar

Arhiw

Ýekedaban zyňyjy Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasyndaky çykyşyny tamamlady

22:1002.08.2021
0
13092
Ýekedaban zyňyjy Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasyndaky çykyşyny tamamlady

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşynda Türkmenistandan ýeke-täk wekil bolan Mergen Mämmedow final tapgyryna çykyp bilmedi. «B» Kwalifikasiýa toparynda çykyş eden türgen 15-nji netijäni görkezdi — 67,53 metr. Jemleýji tapgyrda çykyş edýän 12-lige girmek üçin bu görkeziji ýeterlik bolmady.

Kwalifikasiýa tapgyrynda iň gowy netijäni polşaly Woýseh Nowiskiý görkezdi — 79,78 metr. Ikinji ýerde amerikaly Rudi Uinkler — 78,81 m, üçünji ýerde norwegiýaly Eýwind Henriksen — 78,78 m.

Türkmen türgenleriniň Olimpiýa ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň dowamy barada bellesek, 3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.

4-nji awgustda bolsa, Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň