Slowakiýa iki million ýewrolyk sanjym lotereýasyna badalga berdi

18:3902.08.2021
0
960

Slowakiýa koronawirusa garşy sanjym edilen raýatlarynyň arasynda lotereýa oýnuna badalga berdi. Bu barada Slowakiýanyň ýerli RTVS radiosy habar berdi.

Slowakiýanyň ýerli RTVS radiosynyň beren habaryna görä, lotereýa oktýabr aýynyň ahyryna çenli her ýekşenbe güni oýnalar.

Her hepde-de baýrak gaznasy iki million ýewro bolan lotereýada iň pes baýrak 1000 ýewro, iň ýokary baýrak bolsa 100000 ýewro möçberinde bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň